Türkmen filmleri Rumyniýada geçen halkara festiwalda görkezildi

MilliInfo

8 Sentýabr, 2025

5—7-nji sentýabr aralygynda Rumyniýanyň Tekirgýol şäherinde «KURULTAI» ady bilen türk we tatar medeniýetiniň 10-njy festiwaly geçirildi. Bu çäre ÝUNESKO-nyň howandarlygynda we Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen guraldy.

Şu ýyl Türkmenistan ilkinji gezek festiwala gatnaşdy. Bu ýerde Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Hekim Alowowyň «Gyzyl alma» filmleri görkezildi. «Gyzyl alma» filmi Gahryman Arkadagymyzyň kitabyndan alnan rowaýata esaslanýar we türkmenleriň däp-dessurlaryna hem-de gymmatlyklaryna bagyşlanýar.

Filmleriň görkezilişi sergileri, ussatlyk sapaklaryny, milli oýunlary we beýleki çykyşlary öz içine alýan giň meýilnamanyň bir bölegine öwrüldi.

«KURULTAI» festiwalynyň maksady medeni mirasy gorap saklamakdan, medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri güýçlendirmekden we medeni dürlüligi goldamakdan ybaratdyr. Festiwala Türkmenistanyň gatnaşmagy ýurduň medeni alyş-çalşygy ösdürmäge we halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge goşýan goşandyny görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo