Teýmur Çaryýew we Mihail Titow Gyrgyzystanyň çempionatynyň altyn hem kümüş medallaryny eýelediler

MilliInfo

17 minut öň

Teýmur Çaryýew we Mihail Titow Gyrgyzystanyň çempionatynyň altyn hem kümüş medallaryny eýelediler

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary Teýmur Çaryýew bilen Mihail Titow 2026-njy ýylyň möwsüminde Gyrgyzystanyň çempionatyny öňdäki orunda jemlediler. Olaryň klublary birinjiligiň altyn we kümüş medallaryna eýe boldular.

Ýarymgoragçy Teýmur Çaryýewiň çykyş edýän «Bars» kluby altyn medal gazansa, hüjümçi Mihail Titowyň oýnaýan «Özgeni» kümüş medala eýe boldy.

Mihail Titow

Teýmur Çaryýew 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda «Barsa» goşuldy. Möwsümde 25 duşuşyk geçirip, 2 gezek ýardam assistini geçirdi. Hüjümçi Mihail Titow 2025-nji ýylyň fewralyndan bäri «Özgende» oýnaýar. Onuň 22 oýunda 8 goly we 4 assisti bellige alyndy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info