Ýaş türkmen gyzy «Белая трость» halkara festiwalynda Mark Tişman bilen bilelikde çykyş etdi

MilliInfo

20 Oktýabr, 2025

Türkmenistanyň ýaş wekili «Белая трость» halkara festiwalyna gatnaşdy. Moskwada her ýyl geçirilýän haýyr-sahawat festiwaly görüşi çäkli adamlaryň erkinliginiň simwoly hökmünde uly abraýdan peýdalanýar. Her ýyl bolşy ýaly, ajaýyp çärä Türkmenistanyň «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy hem işjeň gatnaşdy.

Türkmen zehini Şirin Jumaýewa ajaýyp festiwalyň sahnasynda meşhur aýdymçy Mark Tişman bilen bilelikde «Свети» aýdymyny ýerine ýetirdi. Ajaýyp aýdym şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylandy.

Ýeri gelende bellesek, festiwal Diana Gurskaýanyň gaznasy tarapyndan esaslandyryldy we goldanylýar. Şol bir wagtyň özünde hem, ol her bir çaganyň kalbyndaky ýagtylygyň ruhlandyryjy güýje öwrülýän giňişligidir. Bu diňe bir medeni çäre bolman, eýsem, dürli ýurtlardan gelen zehinli çagalary, artistleri we sungatyň hem-de inklýuziwligiň güýjüne ynanýanlaryň ählisini birleşdirýän ähmiýetli platformadyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo