Düýn — 5-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
...Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz mähirli garşylanyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň hem-de wise-prezidenti R.Bazarowyň, hukukçy M.Hojamberdiýewanyň we beýlekileriň gatnaşmagynda gaznanyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa söz berdi. Gaznanyň wise-prezidenti häzirki döwre çenli tutuş ýurdumyz boýunça 700-den gowrak çaga operasiýalaryň geçirilendigini we olara ýatymlaýyn şertlerde bejergileriň amala aşyrylandygyny aýtdy. Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda näsag çagalaryň 163-sinde operasiýalar geçirildi. Mundan başga-da, 900-e golaý çaga üçin dikeldiş-bejergi işleri ýerine ýetirildi. Olar kämil hünärli çaga lukmanlarynyň ýörite gözegçiliginde saklanýar. Mundan başga-da, gaznanyň howandarlygynda dürli bäsleşikleriň geçirilendigi aýdyldy. Şunda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» atly bäsleşikde mümkinçiligi çäkli çagalaryň hem baýrakly orunlary eýeländiklerini, Arkadag şäherindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň düzümine girýän çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolanlaryň bardygyny bellemek gerek.
Hasabatyň dowamynda şu ýylyň martynda gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli Arkadag şäherinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatyň geçirilendigi, oňa dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan we halkara guramalardan wekilleriň gatnaşandygy barada aýdyldy. Maslahatyň netijeleri boýunça kabul edilen Jemleýji resminama BMG-niň resmi dillerine terjime edilip, Baş Assambleýanyň 79-njy sessiýasynyň gün tertibiniň resminamasy hökmünde ýaýradyldy.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini, degişli ugurlar boýunça özara ylalaşyklaryň gazanylýandygyny we ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýändigini aýtdy.
Mejlisiň barşynda degişli hasabatlaryň birnäçesi diňlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işini has-da kämilleşdirmek hakynda, şeýle hem gaznanyň düzümine Esaslandyryjyny girizmek hakynda Kararlara gol çekdi.
Soňra gaznanyň bejeriş işleri boýunça ýerine ýetiriji direktory — wise-prezidenti O.Atabaýewa ýaňy-ýakynda goňşy ýurt Owganystanda bolan heläkçilikli ýertitreme baradaky habaryň ýurdumyzda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini, bu tebigy betbagtçylygyň köp sanly adam pidalaryna, weýrançylyklara getirendigini belläp, türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik, rehimdarlyk hem-de birek-birege kömek bermek ýaly däplerine eýerip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan bu ýurda we onuň doganlyk halkyna, hususan-da, çagalara ynsanperwerlik kömegini ugratmaga rugsat bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Ata-babalarymyzyň «Kyýamat güni goňşudan» diýen dana sözlerinden ugur alyp, goňşularymyza mätäç gününde doganlyk kömegi berler. Şoňa görä, doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna gaznanyň adyndan ynsanperwerlik kömegini ibermegiň wajypdygyny aýdyp, Milli Liderimiz bu babatda gaznanyň wise-prezidenti O.Atabaýewa hem-de hasapçysy Ý.Çernowa degişli tabşyryklary berdi.
Ynsanperwerlik kömegi hökmünde mätäç çagalara gerek bolan däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ibermeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi we gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarowa ähli meseleler boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda gaznanyň işiniň häzirki ýagdaýy we onuň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden täze şäheriň «Arkadag» seýilgähine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa ozal berlen tabşyryklara laýyklykda, «Arkadag» seýilgähinde behişdi bedewleriň, söwda kerweniniň heýkellerini ýerleşdirmek boýunça alnyp barlan işler barada Gahryman Arkadagymyza hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, seýilgähiň çäklerinde oturdyljak şekiller türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny, taryhy döwürlerini alamatlandyrar.
Milli Liderimiz bu ýerde görkezilýän şekilleri synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Seýilgähiň çäklerinde oturdyljak söwda kerweniniň şekilleri halkymyzyň milli gymmatlyklaryna bolan ählihalk söýgüsini aňlatmalydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna, olaryň bezeg aýratynlyklaryna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Gahryman Arkadagymyz hemmelere öňde durýan wezipeleri netijeli ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
