Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy

MilliInfo

6 sagat öň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň barşy bilen tanyşdy.

Ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza çagalar düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar görkezildi.

Taslamalara laýyklykda, Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda obserwatoriýa gurmak we ýaş kosmos barlagçylary üçin kuwwatly teleskop oturtmak meýilleşdirilýär. «Jahan» döredijilik merkezi bolsa giňeldilip, döredijilik we sport merkezine öwrüler. Onuň binýadynda fitnes zallary, pilates we ýoga otaglary, şeýle hem dilleri öwrenmek üçin lingafon otaglary we marketing studiýalary açylar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky gazna tejribe alyşmak üçin Hytaýdan öňdebaryjy lukmanlaryň gelmegine garaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty boýunça häzirki zaman bejeriş usullaryny halkyň köpasyrlyk tejribesi bilen utgaşdyrmak üçin Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde «Adaty däl lukmançylyk» otagy dörediler.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň bir wagtyň özünde 30 müň ybadatçyny kabul edip biljek täze baş metjidiniň gurluşygyna hem aýratyn üns berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gümmezleriň reňk öwüşginlerine we «Allanyň öýüniň» içerki bezeglerine baha berdi. Gahryman Arkadagymyzyň maslahaty boýunça namazlyklar dini ulamalar bilen maslahatlaşylandan soň, şäheriň umumy binagärlik keşbi bilen sazlaşykly saýlanyp alnar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow metjidiň diňe iň ýokary hilli serişdeleri ulanmak arkaly durnuklylygyň we estetikanyň nusgasy bolmalydygyny nygtady.

Şeýle hem şäher häkimliginiň gurulýan binasyna gözegçilik edildi. Ol iň döwrebap sanly ulgamlar we habarçylaryň işlemegi üçin metbugat merkezi bilen enjamlaşdyrylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info