Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

MilliInfo

26 Oktýabr, 2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry üçin taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy

24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň sazlaşygyndan binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň çäklerinde gurluşygy dowam edýän desgalaryň şekil taslamalary, binalaryň bezeg işlerinde ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan gurluşyk işleri we taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

Bu ýerde görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda 30 müň adama niýetlenen «Arkadagyň ruhy metjidiniň» ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy, onuň çäklerinde guruljak desgalaryň görnüşleri, täze şäheriň seýilgähiniň çäginde goýulmagy meýilleşdirilýän dürli şekiller, Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdylmagy göz öňünde tutulýan bedew heýkelleriniň görnüşleri we ýol-ulag düzümine degişli taslamalar bar.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, metjidiň ýanaşyk ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, onuň çäginde guruljak bassyrmalaryň şekil aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň seýilgähiniň taslamasyny, onuň çäginde ýerleşdiriljek şekilleriň we serişdeleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe düzedişleri girizdi. Seýilgähde adamlaryň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri we amatly dynç alşyň hözirini görmekleri üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Şunda seýilgähiň ekologiýa ýagdaýyny ünsden düşürmeli däldir.

Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalary bilen tanyşlygyň dowamynda Ahalteke atlary şaýolunyň ugrunda oturdyljak bedew heýkellerini hem synlady.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň depginleri, bu işleriň häzirki döwürde ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan binalaryň we desgalaryň taslamalary taýýarlanylanda häzirki zaman şähergurluşyk maksatnamasynyň talaplarynyň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, bu işlere taslamaçylaryň, gurluşykçylaryň we şäher ýolbaşçylarynyň örän jogapkärçilikli çemeleşmekleriniň möhümdigini aýtdy. Şol bir wagtyň özünde binalaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylmalydyr.

Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa, ilki bilen, döwlet Baştutanymyzyň çözgüdine laýyklykda, bag nahallaryny we dürli gülleri ekmek boýunça tejribe alyşmak maksady bilen, Niderlandlar Patyşalygyna sapar bilen gitmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Şeýle hem ol güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlyk işleri, bag nahallarynyň ekiljek ýerleriniň çyzgylary, şol bir wagtyň özünde ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýuna taýýarlyk işleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, açylan döwründen bäri Arkadag şäherinde jemi 50 müň düýp bag ekildi. Şu ýylyň ýazky möwsüminde 5 müň düýp bagyň ekilendigini aýdyp, häkim güýzki möwsümde hem 5 müň düýp bag ekmegiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz dürli görnüşli baglary we gülleri ösdürip ýetişdirmekde Niderlandlar Patyşalygynyň baý tejribe toplan ýurt hökmünde ykrar edilendigini belläp, saparyň dowamynda Arkadag şäherinde toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bag nahallaryny we dürli reňkdäki gülleri ekmek boýunça gepleşikleriň geçirilmelidigini aýtdy. Toplanan tejribäniň Arkadag we Aşgabat şäherlerinde utgaşykly alnyp barylmagynyň zerurdygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň binagärlik keşbiniň baş bezegine öwrülýän metjidiň gurluşyk işlerini, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Häzirki döwürde bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk we bezeg işleri kesgitlenen meýilnama laýyklykda, batly depginlerde dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerden täze şäheriň çäklerinde gurulýan kottejler toplumynyň ýerleşýän ýerine geldi. Toplumyň çäginde lagym ulgamlarynyň, agyz suwuny geçirijileriň we beýleki hyzmatlaryň ýokary derejesiniň üpjün edilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň bökdençsiz hereketiniň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny aýtdy we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ýerden ugrap, ýolugra täze şäheriň awtomenziliniň gurluşygynyň dowam edýän ýerinde saklandy. Bu ýerde şäheriň täze seýilgähiniň gurluşygy-da alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info