Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

MilliInfo

Düýn — 29-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga döwrüň içinde bu ugurda uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň hem okgunly ösýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gündogar müçenamasy boýunça geljek ýylyň ýylky ýylydygy bilen baglylykda, Türkmenistanda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Geljek ýylyň şygarynda ýurdumyzyň bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan ösüşleri öz beýanyny tapýar.

Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi.

Gahryman Arkadagymyz maksatlaryň umumylygyny nazara alyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Arkadagymyz ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, dürli derejedäki özara saparlaryň işjeňleşendigine ünsi çekdi hem-de Özbegistanyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistanda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatyň işine gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiz iki ýurduň diplomatlarynyň halkara ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri ilerletmäge gönükdirilen özara gatnaşyklary dowam etdirjekdigine ynam bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna we ilçihanalaryna möhüm ornuň degişlidigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň dowamynda goňşy ýurduň döwlet Baştutany şu ýyl Türkmenistanda köp sanly halkara çäreleriň, şol sanda Awazada iri sammitleriň, Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forumyň üstünlikli geçirilendigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2026-njy ýylda Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has işjeň häsiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, geljek ýylyň ilkinji günlerinden başlap ýurtlarymyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän iri halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça bilelikdäki işlere girişmegi teklip etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegiň möhümdigini belläp, Merkezi Aziýa, Aral we Hazar sebitlerinde, Amyderýada suw meselelerini çözmäge gönükdirilen hereketleriň bilelikdäki maksatnamasyny işläp düzmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Prezident Şawkat Mirziýoýewiň öňde boljak sammitleriň guramaçylyk, mazmun, hukuk we beýleki meseleleri boýunça bilelikdäki teklipleri işläp taýýarlamaga goldaw berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-biregi ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen ýene-de bir gezek gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info