2-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni we täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli okuw sapagyny geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlar we talyplar, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
...Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri okuw sapagynyň geçiljek ýerine — Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgüne geldi. Bu ýerde ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşyladylar.
Umumy okuw sapagynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylar bilen söhbetdeş bolup, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda açylyp ulanmaga berilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän aladanyň aýdyň güwäsidir.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Ruhyýet köşgünde umumy okuw sapagyny geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda eden çykyşyny şu ýerden dolulygyna okap bilersiňiz!
«Men bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, häzirki zaman dünýäsinde berkarar döwletimiziň orny we wezipesi, öňümizde duran maksatlar hem-de wezipeler barada durup geçmek isleýärin. Ýurdumyzyň ýaş raýatlary bolan siz häzire çenli amala aşyrylan işleri berkitmelisiňiz. Garaşsyz döwletimiziň mynasyp geljegi üçin giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmelisiňiz. Siziň bu belent wezipäni mynasyp amala aşyrjakdygyňyza ynanýarys» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň umumy okuw sapagynda Watanymyzyň ösüşlerinden, döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mazmunyndan başga-da, edem-terbiýe hakynda hem çuň mazmuna ýugrulan jümleler beýan edildi.
«Atam Berdimuhamet Annaýew hem halka hyzmat edip, jemgyýetde hormat-sylaga mynasyp bolan, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlan ilhalar ynsandy. Atam çagalara diňe sowatly okamagy we ýazmagy öwretmän, diňe bir bilim bermän, eýsem, olaryň kalbyna jemgyýetde özüňi mynasyp alyp barmagyň endiklerinem guýýardy. Ol çagalarda diňe bir uly adamlara däl, eýsem, öz deň-duşlaryna-da hormat bilen garamak barada terbiýe bererdi. Kakam hem, öz gezeginde, Watanymyz, halkymyz, ýurdumyz baradaky oý-pikirlerini goşgy setirlerine geçirerdi. Tebigatymyz barada köp suratlary çekerdi. Häzir men kakamyň 80 ýaşynda ýazan «Ata pendi» baradaky goşgy setirlerini aýdyp bereýin» diýip, Gahryman Arkadagymyz mähriban kyblasynyň goşgy setirlerinden okady.
Çylşyrymly bolýar durmuşyň ýoly,
Ýöne ýalňyşmajak bolmaklyk gerek.
Ata-ene käýinse — säwlik goýbersek,
Ony gaty görmän, düzetmek gerek.
Bize maslahatçy ata-ene gerek.
Milli Liderimiz umumy okuw sapagyna gatnaşyjylara ýüzlenip, özüniň oý-pikirlerini beýan edendigini aýtdy we çykyş etmäge isleg bildiren ýaşlara söz berdi. Ilki bilen, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby D.Niýazlyýew çykyş etdi.
Ol çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk, durmuş, jemgyýetde öz ornuňy tapmak, edep-terbiýe ýaly gymmatlyklar bilen bagly umumy sapagyna gatnaşmagynyň ýaşlar üçin ýatdan çykmajak taryhy pursada öwrülendigini aýdyp, ýurdumyzyň bagtyýar talyp ýaşlarynyň adyndan Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli tutumly işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw etdi.
Soňra Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby H.Kürenowa söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň geçen umumy sapagynyň ýurdumyzyň mugallymlary, mekdep okuwçylary hem-de talyp ýaşlary üçin watançylygyň nusgalyk mekdebi bolandygyny beýan etdi.
«Hormatly Prezidentimiziň berk nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». Mähriban ýaşlar! Siz eziz Diýarymyzyň buýsanjy we geljegi! Diňe siz bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.
Umumy okuw sapagy tamamlanandan soňra, degişli ýolbaşçylar Gahryman Arkadagymyzyň geçen okuw sapagynyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülendigini hem-de ýaş nesliň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde taryhy ähmiýete eýe bolandygyny bellediler.
Gahryman Arkadagymyz ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirilýändigini belledi we hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
