Türkmen halkynyň Milli Lideri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

MilliInfo

24 Noýabr, 2025

22-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzda halkara çäreleriň geçiriljek binalarynyň taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy.

...Ir bilen Milli Liderimiz paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gahryman Arkadagymyz şäheriň abadançylygyna, bezeg işlerine zerur üns berilmelidigini belläp, meýilleşdirilen halkara çärelerde ýurdumyzyň ösüşleriniň, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyna ünsi çekdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerleriň bezeg aýratynlyklaryna, onda ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň berkligine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunda gök zolaklar talabalaýyk bolmalydyr we alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleri ýokary ekologik talaplara laýyk gelmelidir.

Hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýerleşýän ýeriniň mukaddes künjege öwrülendigini, bu ýere ildeşlerimiziň we şäheriň myhmanlarynyň ýygy-ýygydan gelýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi halkymyzyň Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine bolan milli buýsanjynyň aýdyň nyşanydyr.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzda alnyp barylýan abadanlaşdyryş işleriniň barşy bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda dowam etdirmek, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda kesgitlenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek barada maslahatlaryny berdi.

Şäheriň ösüşinde paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Şol bir wagtyň özünde ak mermerli Aşgabadyň halkara giňişlikde wasp edilmegi ugrunda maksatnama taýýarlanylyp, onuň ýerine ýetirilişine ähmiýet berilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy meýilleşdirilen çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Şunda halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli tagallalar edilmelidir. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, myhmanlara milli myhmansöýerlik däpleri esasyndaky hyzmatlary hödürlemek babatda hemme zerur şertler döredilmelidir. Şeýle-de guralýan hyzmatlar myhmansöýerlik däplerine doly laýyk gelmelidir.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýol ugrunda dag çeşmeleriniň suwundan emele gelen suw howdanynyň deňinde saklandy. «Bitaraplyk» suw howdany» diýlip atlandyrylan bu howdan paýtagtymyzyň ak mermerli binalary bilen sazlaşyp, ynsan kalbynda ýakymly täsirleri oýarýar. Sahawatly topragyň berekedine bereket goşýan suwuň ähmiýeti barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz howdanyň arassaçylyk derejesine we suwuň rejeli ulanylmagyna örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine ünsi çekdi. Şoňa görä, degişli ýolbaşçylara suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, sil suw akabalaryny kadaly ulanmak babatda maslahatlar berildi.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda öňde boljak wekilçilikli forumyň guramaçylyk derejesine degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisde garaljak meseleler barada aýdyp, forumyň we onuň çäklerinde geçiriljek halkara çäreleriň guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda çäreleriň medeni maksatnamasynyň baý many-mazmuna eýe bolmagyna zerur üns berilmelidir. Baýramçylyk günlerinde Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň söwda merkezlerinde dürli görnüşli önümleriň, baýramçylyk mynasybetli sowgatlyk harytlaryň söwdasynyň guralmagynyň wajypdygyny aýdyp, hormatly Arkadagymyz çärelere bagyşlanan giň möçberli sergä we halkara foruma gatnaşyjylara myhmansöýerlik däplerine laýyk gelýän hyzmatlaryň hödürlenilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz halkara çäräni we baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işlere mynasyp goşant goşulmalydygyny aýdyp, olara meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlaryň hem-de talyplaryň taýýarlyk derejesine hemmetaraplaýyn üns berilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde forumyň geçirilýän wagtynda myhmanhanalarda, çäräniň geçiriljek ýerlerinde ýokary derejeli aragatnaşyk we internet ulgamynyň mümkinçilikleri elýeterli bolmalydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny äleme äşgär edýän hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli däldigini nygtady. Şunda ähli gulluklarda nobatçylygyň ýola goýulmagyna, tertip-düzgüniň berjaý edilmegine, şäheriň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň kadaly bolmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Milli Liderimiz halkara çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, merdana halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, «Myhman ataňdan uly», «Gelen — döwlet» diýen paýhasly jümleleri esasy ugur edinýän türkmen myhmansöýerligini, eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşlerini dünýä ýaýmak babatda alyp barýan işlerinde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hemmelere kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo