Türkmenistanda öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär

MilliInfo

Düýn — 6-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryny diňledi.

Bu ýerde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralardyr beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat berildi. Bitaraplyk baýramynyň şanyna geçiriljek çärelere taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär. Şol bir wagtyň özünde halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir. Baýramçylyk günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy.

Gahryman Arkadagymyz şanly senäniň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda söwda we durmuş hyzmatlarynyň medeniýeti ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik däplerine laýyk gelmelidir.

«Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň, halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir» diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisiniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çäreleriň dowamynda dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen üpjünçilik meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat şäherinde, welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak babatda maslahatlaryny beýan etdi.

Milli Liderimiz baýramçylyk günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini, halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz dabaraly çärelerde we olaryň bezeglerinde, sowgatlyk önümlerde giňden beýanyny tapmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz şanly ýylyň nyşanynyň many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Bu binada geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.

Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin hemme zerur şertler döredilipdir. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda «Arkadag» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.

Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo