Ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda ýeten üstünliklerini şöhlelendirýän halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, «Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy» hem-de «Maglumatnama» diýen iki bölümden ybaratdyr. Kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.
Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň täze jildinde «tebigy dermanhana» yzygiderli ýüzlenýän Gündogar lukmançylygynyň görnükli alymlarynyň, türkmen tebipleriniň nesilden-nesle geçip gelýän iň gowy tejribeleri beýan edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda durmuşa geçirilen ägirt uly işleri anyk delilleriň, statistiki maglumatlaryň üsti bilen täsirli beýan edýän 22 sany bölümden ybaratdyr.
Tanyşdyrylyş dabarasyndaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Çünki halkymyzyň saglygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden gözbaş alýan öňdengörüjilikli strategiýanyň baş ugrudyr.

