Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Magadan şäherinde «Dünýä halklarynyň süňkden heýkel ýasamak sungaty» atly V halkara festiwaly geçirildi. Bu barada «Edebiýat we sungat» gazetiniň şu günki — 17-nji oktýabrdaky sanynda habar berildi.
Dünýäniň ençeme döwletleriniň zehinli heýkeltaraşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen festiwala ýurdumyzdan halypa heýkeltaraş Rozygeldi Gylyjow hem-de ýaş heýkeltaraş Maksat Nurmedow gatnaşyp, olar süňkden ýasan «Parahatçylyk», «Durnalar», «Türkmen gelni», «Miweli bag», «Symrug guşy», «Balyklar», «Sülgünler» ýaly işlerini halk köpçüligine görkezdiler.
Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, Maksat Nurmedow festiwalyň «Ilkinji ädim» ugry boýunça ýeňiji bolup, diplom we kubok bilen sylaglandy.
