Türkmen hünärmeni Rumyniýada geçen «KURULTAI 2026» halkara maslahatyna gatnaşdy

MilliInfo

1 sagat öň

Türkmen hünärmeni Rumyniýada geçen «KURULTAI 2026» halkara maslahatyna gatnaşdy

24-nji sentýabrda Buharest şäherinde (Rumyniýa) Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň binasynda hem-de onlaýn görnüşde «KURULTAI 2026» halkara maslahaty geçirildi.

Çäre gibrid görnüşde guraldy, çykyşlar iňlis we rumyn dillerinde alnyp baryldy. Onuň açylyş dabarasynda Rumyniýanyň Medeniýet ministrliginiň düzümindäki Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Milli komissiýanyň başlygy Ioana Baskerwille, Tatar Demokratik Bileleşiginiň başlygy Naim Belgin we Rumyniýanyň ÝUNESKO baradaky Milli komissiýasynyň medeniýet boýunça hünärmeni Kodrin Taut dagy çykyş etdi.

Maslahatda ýurdumyza wekilçilik eden Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligiň hünärmeni Güljan Igdirowa «Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak» («Safeguarding Intangible Cultural Heritage in Turkmenistan») temasy boýunça çykyş edip, müdirligiň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Onuň çykyşynda ýurtda maddy däl medeni mirasy goramagyň hukuk esasy (milli maddy däl medeni mirasy goramak baradaky kanunlar), ekspedisiýalar, taýarlanan gollanmalary we ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyk ugurlary beýan edildi.

Türkmenistan bilen bir hatarda dürli ýurtlaryň we guramalaryň wekilleri çykyş edip, dürli temalar boýunça öz işlerini tanyşdyrdylar. Adem Kaýa ABŞ-da sport we milli oýunlaryň jemgyýetleri nähili özgerdýändigi barada, olaryň taryhy köklerinden başlap, häzirki döwürdäki ähmiýetine çenli gürrüň berdi. Meksikadan Arturo Sançez «Ulama» oýnunyň dikeldilişini gürrüň berip, bu oýnuň ýaş nesle nähili geçirilýändigini gyzykly mysallar bilen düşündirdi. Debora Baržu «Gorkut ata» mirasynyň türki halklaryň milli özboluşlylygyny beýan etmekdäki ähmiýetini nygtady. Şeýle hem beýleki gatnaşyjylaryň çykyşlary gyzykly we many-mazmunly boldy.

«KURULTAI 2026» halkara okuw maslahatyna gatnaşmak Türkmenistanda maddy däl medeni mirasy goramak boýunça alnyp barylýan işleri halkara hünärmenlerine tanyşdyrmaga we dürli ýurtlaryň tejribesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info