Türkmen hünärmenleri «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşdylar

MilliInfo

22 Oktýabr, 2025

20 — 23-nji oktýabr aralygynda Beýik Britaniýanyň «Britan Geňeşi» atly edarasynyň guramagynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmak» atly halkara okuw maslahaty geçirildi. Ol Abdulla Awloniý adyndaky Milli pedagogik ussatlygy institutynyň binasynda guraldy. Bu okuw maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hem-de bilim edaralarynyň wekilleri, şeýle hem iňlis dilini okatmak boýunça halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Halkara okuw maslahatyna gatnaşan türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň uly ylmy işgäri hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň tejribeli iňlis dili mugallymlary agzalyk etdiler. Gatnaşyjylar ýokary okuw mekdeplerinde iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamak üçin häzirki zaman okuw maksatnamalaryna bildirilýän talaplar bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 

Bu ýerde aşakda görkezilen ugurlara aýratyn üns berildi: 

  • Ýaş iňlis dili mugallymynda bolmaly zerur ukyplar we başarnyklar (dil başarnygy we okatmagyň usulyýeti);

  • Uçurymlara bildirilýän talaplary we maksatnamany öwrenmegiň netijelerini kesgitlemek; 

  • PRESETT (iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň deslapky tapgyry) okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak, mysaly maksatnamalary seljermek, esasy we goşmaça modullary kesgitlemek, milli aýratynlyklary we sebitdäki ýurduň ýörite talaplaryny nazara almak;

  • Netijeli PRESETT okuw maksatnamasynyň hili;

  • PRESETT okuw maksatnamasynyň mysaly modulyny derňemek.

Okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynda başarnykly, bäsleşige ukyply iňlis dili mugallymlaryny taýýarlamagyň ulgamyny ösdürmekde diýseň ähmiýetli ädim bolar. Çünki maslahatda alnan bilimler iňlis dilini okatmagyň usullaryny, usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesini, okuw meýilnamalaryny we okuw maksatnamalyryny kämilleşdirmäge, iňlis dilini okatmagyň yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmäge hem-de bilim ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmäge ýardam eder.  

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo