Aşgabat Türkmen-hytaý işewürler forumyny we sergisini ýokary derejede geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu barada 18-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bilen çykyş eden wise-premýer N.Atagulyýew habar berdi.
Bellenilişi ýaly, bu çärelere gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça döwlet edara-guramalarynyň we dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 80-den gowragy hasaba alyndy hem-de gatnaşyjylary hasaba almak işi dowam edýär.
Sergä gatnaşyjy hytaý kompaniýalary, esasan, maşyngurluşyk, tehnologik enjamlaryň we tehniki serişdeleriň önümçiligi, nebitgaz, energetika, himiýa senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we daşky gurşawy goramak, ulag we logistika, sanly ulgamlar hem-de internet hyzmatlary, elektron senagaty ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.
Türkmenistan tarapyndan işewürler forumyna we ikitaraplaýyn duşuşyklara degişli ugurlar boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini belledi.