Türkmen mugallymlarynyň ahalteke bedewleri hakyndaky ylmy makalasy dünýäniň abraýly ylmy žurnalynyň sahypalaryny bezedi

MilliInfo

2 Oktýabr, 2026

Türkmen mugallymlarynyň ahalteke bedewleri hakyndaky ylmy makalasy dünýäniň abraýly ylmy žurnalynyň sahypalaryny bezedi

Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň alymlary hem-de mugallymlary milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň genofonduny gorap saklamak we tohumçylyk hilini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli ylmy-barlag işlerini işjeň amala aşyrýarlar. Akademiýanyň alymlary we mugallymlary Nowruzälem Gurdowyň, Annadurdy Çaýyrowyň, Ejegül Öwezgeldiýewanyň, Gunça Şamyradowanyň hem-de Maýagözel Babaýewanyň geçiren ahalteke atlarynyň nesil taryhyny hem-de çapyşyk netijeliligini düýpli öwrenmek boýunça ylmy barlaglary dünýäniň iň abraýly halkara ylmy maglumat binýady bolan «Scopus» ulgamyna girýän «Journal of Applied Veterinary Sciences» (2026-njy ýylyň oktyabr aýyndaky sany) žurnalynda çap edildi.

 Dünýäniň abraýly maglumat binýadyna girýän halkara ylmy neşirde ahalteke bedewleriniň tohumçylyk we seleksiýa işlerine täzeçe ylmy çemeleşmeler öňe sürüldi. Derňewleriň netijesinde atlaryň çapyşyklardaky tizliginiň we sport işjeňliginiň 50 göteriminiň ene tarapdan (enesiniň geninden hem-de irki ösüş gurşawyndan) geçýändigi ylmy taýdan doly tassyklanyldy. Bu möhüm açyş döwlet atçylyk toplumlarynda diňe bir tohum at ugurlaryna daýanman, eýsem, ene maşgalalaryny (baýtal ugurlaryny) hem resmi taýdan kemala getirmegiň we ösdürmegiň zerurlygyny esaslandyrýar. Şeýle hem ylmy işde 1885-nji ýylda doglan meşhur Boýnow atly nesilbaşy atdan gaýdýan nesil ugur (şol sanda Gelşikli, Gyrsakar, Garlawaç, Gaplaň, Arap, Meleguş, Saparhan ugurlary) seljerilip, Gelşikli, Gyrsakar we Garlawaç ugurlarynyň tizlik boýunça öňdebaryjy ornunyň bardygy görkezildi. Gan gatyşmagynyň öňüni almak we bedewleriň sagdynlygyny durnukly saklamak üçin 17 ugruň arasynda ugurara jübütleşdirme usulyny giňden ulanmak boýunça amaly maslahatlar berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlaryny amala aşyrmaga ylmy goşant bolup durýan bu üstünlik Arkadag şäheriniň diňe bir döwrebap binagärlik däl, eýsem, dünýä derejeli ylym we bilim merkezi hökmünde uly mümkinçiliklere eýelik edýändigini ýene bir ýola tassyklaýar. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň alymlary mundan beýläk hem Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýüzüne çykarmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

Dünýäniň abraýly maglumat binýadyna girýän halkara ylmy neşiri şu ýerden okap bilersiňiz! https://javs.journals.ekb.eg/article_524651.html

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info