Türkmen oba hojalyk instituty agroinnowasiýalaryň bäsleşigini yglan edýär

MilliInfo

Türkmen oba hojalyk instituty «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşe tarap ýol» atly halkara ylmy-taslama işleriniň bäsleşigine arzalary kabul edýär. Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen bäsleşik BMG-niň Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) bilen baglylykda, ýaşlary oba hojalyk pudagynda innowasion çözgütleri gözlemäge höweslendirmäge gönükdirilendir.

Çäräniň esasy wezipesi talyplaryň ylmy pikirlenmesini, gözleg endiklerini we döredijilik ukyplaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bäsleşik oba hojalygynyň durnukly ösüşi, suw serişdeleriniň rejeli ulanylyşy hem-de derwaýys agrar meseleleri çözmek üçin ylmy çemeleşmeleriň (şol sanda STEM çemeleşmesiniň) ulanylyşy boýunça bilimi giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär.

Bäsleşik 12-13-nji noýabrda bir tapgyrda sanly ulgam arkaly geçiriler. Ol esasy ugurlaryň üçüsinde ýaýbaňlandyrylar:

  • oba hojalyk taslamalary,

  • IT-taslamalar,

  • işewürlik-taslamalary.

Awtoryň ornunda bir talyp ýa-da topar (iki adamdan köp däl) çykyş edip biler. Gatnaşyjylar saýlanan ugur boýunça ylmy-taslama işini taýýarlamaly we ony eminler toparyna onlaýn görnüşde hödürlemeli. Bäsleşigiň resmi dilleri türkmen, iňlis we rus dilleridir.

Işlere alty esasy ölçeg — derwaýyslygy, täzeçilligi, mazmuny, köpçülikleýin ähmiýeti, gaýtalanma mümkinçiligi we daşky gurşawa täsiri boýunça baha berler.

Ýeňijiler toplan ballarynyň jemi boýunça kesgitleniler we institutyň rektorlygynyň adyndan I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanarlar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo