Gazagystanyň Almaty şäherinde Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Matematika, fizika hem-de informatika boýunça ýaýbaňlandyrylan halkara olimpiada türkmenistanly mekdep okuwçylary hem diýseň işjeň gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden türkmen toparyna 28 okuwçy we 4 mekdep mugallymy wekilçilik etdi.
Türkmen ýetginjekleriniň eýe bolan medallary bolsa Watanymyzyň bilim ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň beýanydyr. Şunlukda, ildeşlerimiz matematika boýunça 10 medal gazandylar. Şolardan Hemra Gurbanow altyn, Myrat Ruslanow, Mälikşa Meýlismyradow, Selim Hommatdurdyýew dagy kümüş, Seýitgeldi Hojamuhammedow, Begenç Gummanow, Söýünmuhammet Geldimämmedow, Sanjar Hojanyýazow, Kümüş Nobatowa, Begli Işanmyradow dagy bolsa bürünç medala mynasyp boldy.
Ildeşlerimiz fizika dersinde üç medala eýe çykdylar. Döwlet Annamyradow kümüş, Nurgeldi Annagurdow hem-de Aýsenem Kakamyradowa bolsa bürünç medal gazanmagyň hötdesinden geldiler.
Informatika boýunça hem üç medal gazanylyp, olaryň ählisi bürünç medallardyr. Bu medallary ýurdumyzyň baýrak gaznasyna Yhlas Annamyradow, Hojamuhammet Hydyrow hem-de Kasym Koçekow dagy getirdi.
Şunlukda, ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Watanymyza abraýly olimpiadanyň 16 medaly (1 altyn, 4 kümüş hem-de 11 bürünç medallar) bilen dolandylar. Bu üstünlik eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy ugrunda döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriň miwesidir.