Türkmen okuwçylarynyň taslamasy «Google» kompaniýasynyň ýaryşynda ikinji orna eýe boldy

MilliInfo

16 Oktýabr, 2025

Türkmen ýetginjekleri «Google» kompaniýasynyň «Firebase Studio Championship Central Asia 2025» ýaryşynda uly üstünlik gazandylar. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçylary Begenç Annaorazow, Aýhan Baýramow hem-de Salyh Annanepesow meşhur kompaniýa tarapyndan guralan bäsleşikde ikinji orna mynasyp boldular.

Olar bäsleşige «TerraVibe» atly taslama bilen çykdylar we ilki öňdäki onluga girmegiň hötdesinden geldiler. Soňra onlaýn we oflaýn tertipde geçirilen finala Internet arkaly gatnaşdylar hem-de 2-nji orny eýelemegi başardylar. Şunlukda, türkmen okuwçylary «Google» tarapyndan taýýarlanan ýörite Hormat hatlaryna we pul baýraklaryna mynasyp boldular.

«TerraVibe» taslamasy kamera arkaly surata düşürilen ösümligiň ýagdaýy barada emeli intellekt arkaly düşündiriş bermäge we  islendik ösümligiň şikes ýeten ýerini ýa-da kemçiliklerini suratyň üsti bilen bilmäge ukyplydyr. Okuwçylar taslamany ýasanlarynda «Kämil Bilim» bilim merkeziniň erjeller kompýuter bölüminiň mugallymlaryndan maslahat alandyklaryny belleýärler.

Ýeri gelende bellesek, ýaryşyň şertleri boýunça toparlar «Firebase Studio + Gemini API» tehnologiýalaryny ulanýan innowasion taslama taýýarlamaly boldular. Munuň özi okuwçylaryň «Gemini API» atly emeli intellekt tehnologiýasyny ulanyp haýsydyr bir mobil goşundyny taýýarlamalydygyny aňladýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info