Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezi dabaraly ýagdaýda işe giriziler

MilliInfo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde ýokary derejedäki gepleşiklerden we beýleki degişli çärelerden başga-da, Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezini işe girizmek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu habar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji noýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda aýdyldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagyna hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk görülýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli toplumlaýyn işler geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylyň fewralynda ýola goýuldy. Türkmenistan hem-de Özbegistan hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly dialogy ösdürmek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady döredildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

«Özbegistan Respublikasy biziň ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine konsultatiw duşuşyga hem-de Özbegistan Respublikasyna boljak döwlet saparyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo