Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynda geçirilýän Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlaryna şowly başlady. Ýaryşlaryň ilkinji gününde milli ýygyndymyzyň baýrak gaznasy altyn we bürünç medallar bilen dolduryldy. Baýraklar Ysyk-Köl arenasynda geçirilen milli göreş ýaryşlarynyň 100 kilogramdan hem ýokary bolan iň agyr agram derejelerinde gazanyldy.
Türkmen milli göreşi boýunça çempionlyk adyna final tutluşygynda ýer eýeleriniň wekili Asankeldi Nurkazym uluny ýeňen Annagurban Allaberdiýew mynasyp boldy. Milli ýygyndymyza ikinji medaly bolsa kuraş boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykan Kemal Kemalow getirdi. Halkara ýaryşynyň baýrakçylaryna pul sylaglary hem gowşuryldy.
Bu giň gerimli ýaryşlar etnosportuň 43 görnüşi boýunça bäsleşýän 100-den gowrak döwletiň türgenlerini birleşdirdi. 6-njy sentýabrda öz jemlenýän dört günlük sport baýramçylygy dünýä halklarynyň medeni mirasynyň we däp-dessurlarynyň meşhurlygyny üpjün etmäge ýardam eder.
