Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde para pauerlifting boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýygyndy topary hem gatnaşyp, 4 medal gazandy. Şolaryň 2-si kümüş, 2-si hem bürünç medallardyr. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki — 30-njy oktýabrdaky sanynda habar berildi.
Para pauerlifting — bu bedeniň daýanç-hereket ediş ulgamynda mümkinçilikleri çäkli bolan türgenler üçin niýetlenen sportdur. Bu sport görnüşi boýunça yklym we dünýä derejesindäki ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Müsüriň paýtagtynda geçirilen şu gezekki ýaryşa hem dünýäniň 70 ýurdundan 527 türgen gatnaşdy.
Dünýä çempionatynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň kümüş medallary ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilen ýaryşlarda gazanyldy. Has takygy, Türkmenistanyň para pauerlifting boýunça milli ýygyndy toparynyň türgeni Muhammet Hojaýew ýaşlaryň arasynda 54 kilogram agramda, Türkmenistanyň Maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň tälimçisi Öwezgeldi Orjiýew ulularyň arasynda 97 kilogram agramda ýeňijileriň hormat münberiniň ikinji basgançagynda orun aldylar.
Ýaryşda ýurdumyza bürünç medallary para pauerlifting boýunça milli ýygyndy toparyň türgeni Sergeý Meladze getirdi. Onuň 72 kilogram agramda ulularyň arasynda şahsy we umumy görkezijileri 2 bürünç medaly hem adyna ýazdyrmaga mümkinçilik berdi.

