Türkmen samboçylary ýaşlaryň arasyndaky dünýä birinjiliginiň 8 medalyna eýe boldular

MilliInfo

8 Oktýabr, 2025

Indoneziýada sambo boýunça ýaşlaryň dünýä birinjiligi tamamlandy. Tebigatyň iň bir gözel ýerleriniň birinde — Günbatar Ýawa sebitiniň Bogor etrabynda ýerleşýän «JSI Resort Megamendung» sport toplumynda geçirilen ýaryş dünýäniň iň güýçli ýaş samboçylaryny bir ýere jemledi. Ol ýaşlaryň hem ýetginjekleriň arasynda aýratynlykda guraldy. Bu ýerde türkmen türgenleri hem  ajaýyp netijelere eýe boldular.

Birinjiligiň ilkinji gününde söweş sambosyndan ýetginjekleriň arasynda çykyş eden Rasul Jabrailow 64 kg-de, Mälikberdi Begiýew bolsa 88 kg agramda kümüş medal gazandylar.

Ýaşlaryň ikinji gününde Ilşat Döwranow sport sambosynda 58 kg-de bürünç medala eýe çyksa, ýetginjeklerden sambonyň şol ugrundan bäsleşen gyzymyz Ykbal Saparowa 50 kilogram agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagynda ornaşdy. Yslam Hemraýew bolsa 71 kilogram agramda söweş sambosyndan ýetginjekleriň ýaryşynyň altyn medalyny eýeledi.

Birinjiligiň jemleýji gününde Mähriban Pälwanowa 59 kilogram, Annamuhammet Annamuhammedow 64 kilogram agramda sport sambosyndan bürünç medal aldy. Alyhan Aýdogdyýew bolsa söweş sambosyndan ýetginjekleriň 58 kilogram agram derejesindäki ýaryşynda çempion boldy.  

 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo