Moskwadaky Sungat akademiýasynyň Zurab Sereteli adyndaky Sungat galereýasynda Nury Halmämmedow adyndaky IX Moskwa halkara «Dutaryň owazy» sungat festiwalynyň bir hepdelik bäsleşiginiň jemleýji gala-konserti geçirildi.
Çäräniň gerimini oňa gatnaşyjylaryň geografiýasy nygtaýar. Bu ýyl bäsleşige gatnaşmak üçin Russiýa, Hytaý, Özbegistan, Gwatemala we Türkmenistan ýaly döwletlerden ýüzden gowrak arza kabul edildi. Festiwalyň art-direktory, kompozitor Mämmet Guseýnowyň baştutanlygyndaky eminler toparynyň düzümine dürli ugurlar boýunça bilermenler girdi. Bäsleşige gatnaşyjylaryň uly bölegi öz zehinlerini onlaýn-görnüşde görkezdiler. Bu bolsa onuň halkara derejesindäki ähmiýetini görkezdi.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmenistanly sazandalar birbada birnäçe ugur boýunça baýraklara eýe boldular.
«Kirişli-kemençeli gurallar» ugrundan Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň kontrabasçysy Guwanç Saryýew I derejeli baýragyň eýesi diýen ada mynasyp boldy. Sazanda uly ýaş toparynda çykyş edip, türkmen kompozitory Çary Nurymowyň «Adažio» atly pýesasyny we ispan kompozitory Pablo de Sarasateniň kontrabas üçin uýgunlaşdyrylan «Sygan heňleri» atly tehniki taýdan çylşyrymly eserini ýerine ýetirdi.
Fortepiano partiýasy bolsa M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallar kafedrasynyň uly sazandasy Jennet Hudaýgulyýewa tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ugur boýunça II we III derejeli baýrak eýeleri Türkmenistandan ýaş sazandalar Milara Tahyrjanowa (orta ýaş topary) hem-de Asal Aýlyýewa, Aýlar Rustamowa (kiçi ýaş topary) boldular.
«Wokal sungaty» ugrundan uly toparda Aýlar Arnageldyýewa we Selbi Imamowa I derejeli baýrak eýeleri boldular. II derejeli baýrak eýeleri diýlip Aýjeren Abdyllaýewa, Yhlas Welihanow, Muhammetaly Muhammedow dagy yglan edilse, kiçi ýaş toparynda Umyt Töräýew şeýle üstünlige ýetdi.
«Fortepiano» ugrundan Nazar Reýimow (orta ýaş topary) I derejeli ýokary baýraga mynasyp boldy. II derejeli baýrak eýeleri Aýnur Kabulowa, Aýgözel Nurmämmedowa we Ogulnäzik Rahmanowa (uly ýaş topary) boldular. III derejeli baýragyň eýesi bolmak Kerimberdi Mämmedowa miýesser etdi. Amina Babaýewa (kiçi ýaş topary) diplomant boldy.
Festiwalyň ýörite baýraklaryna Russiýanyň we Gwatemalanyň wekilleri mynasyp boldular.

