Gruziýada nusgawy sazlaryň 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.
Festiwal dünýäniň ähli künjeginden meşhur sazandalary hem-de nusgawy sazyň gymmatyna düşünýän jemgyýeti jemlemek bilen, medeniýetara gepleşikler we döredijilik tejribesini alyşmak üçin wajyp meýdança öwrüldi.
9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri ýerine ýetiriler, 13-nji sentýabrda bolsa festiwal tomaşaçylara Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder.
Türkmen sazandalary Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestrynyň düzüminde çykyş edýärler.
Sinandali festiwaly ýaş ýerine ýetirijilere diňe bir meşhur ussatlardan öwrenmäge däl, eýsem, olaryň döredijilik tejribelerini baýlaşdyrmagyna we mümkinçiliklerini açyp görkezmeklerine hem şert döredýär.
Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň medeniýet ministri T.Ruhadze, festiwalyň Baş direktory D.Sakwarelidze, şeýle-de çäräni gurnaýjylar bilen duşuşdy. Diplomat halkara festiwalyň ynsanperwer, bilim we medeni ugurlarda geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Sinandali festiwaly 2025-nji ýylyň 14-nji sentýabryna çenli dowam eder.