MMA söweş sungatlarynyň türkmen ussady Ata Atdaýew iň möhüm duşuşyklarynyň birine taýýarlanýar. «UFC-niň» ýolbaşçysy Dana Uaýtyň gözegçiligindäki «IMMAF» guramasynda dünýäniň we Ýewropanyň çepmiony bolan ildeşimiz Ata Atdaýew 8-nji maýda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek «UAE Warriors» ýaryş agşamynda täjigistanly Jafaraly Nuraliýewiň garşysyna çykýar. Duşuşygyň Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanmagyna garaşylýar.
Häzire çenli professional duşuşyklaryň bäşisini geçiren türkmen söweşijisi şolaryň ählisini ýeňiş bilen jemledi (5:0).
Ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň şägirdi bu duşuşyga paýtagtymyzda ýokary derejede taýýarlyk görýär.
Ýeri gelende bellesek, ildeşimiz bu duşuşygy Hamzat Çimaýewiň dosty Abdurahman Nasruddinow bilen geçirmelidi. Emma onuň şikes almagy türkmen ýigidiniň garşydaşynyň täzelenmegine sebäp boldy.
Biz türkmen söweşijisine nobatdaky möhüm duşuşykda uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
