Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň ýolbaşçysy Çarymyrat Ýazmyradow Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň altyn medaly bilen sylaglandy. Abraýly sylag türkmen suratkeşine Özbegistanyň Daşkent şäherinde gurlup, ulanylmaga berlen Yslam medeniýeti merkezinde geçirilen halkara ylmy kongresiň we onuň dowamyndaky medeni-ynsanperwer ugurly çäreleriň çäklerinde Özbegistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan bilelikdäki sergisiniň açylyş dabarasynda gowşuryldy.
Bu ajaýyp waka ildeşimiz Çarymyrat Ýazmyradowyň surat eserlerine sebit derejesinde ýokary baha berilýändiginiň nyşanyna öwrüldi.
