Italiýa Respublikasynyň Jesolo şäherinde taekwondo ITF boýunça 23-nji dünýä çempionaty geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň çempionatda eýe bolan ajaýyp netijeleri sportuň şu görnüşinden milli mekdebimiziň mümkinçilikleriniň diýseň uludygyny görkezdi.
Şeýlelikde, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýzada Berdimyradowa taekwondonyň tul görnüşi boýunça
14-15 ýaşly gyzlaryň arasynda dünýä çempiony boldy. Şol mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ahmet Berdimyradow tul görnüşinden 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda kümüş medal gazansa, 4-nji synp okuwçysy Omar Berdimyradow sparing görnüşi boýunça 35 kilogram agram derejesinde hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Türkmen ýygyndysy toparlaýyn tul görnüşinden guralan ýaryşy hem üstünlikli jemledi. Türkmenistanyň Milli taekwondo (ITF) merkeziniň türgeni Daýanç Ýazmyradowdan, Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň
11-nji synp okuwçysy Agamyrat Annadurdyýewden, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdepde bilim alýan Agamyrat Amansahatowdan, şol etrabyň 1-nji orta mekdebinde okaýan Babajan Myradowdan, Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň okuwçysy Çary Muhammedowdan hem-de 25-nji orta mekdebiniň okuwçysy Täçmyrat Kakamyradowdan ybarat bolan topar bürünç medala eýe çykdy.
Ýaryşda has kiçi ýaşly türgenlerimiziň hem netijeli çykyş edendigini bellemek gerek. Bu hakykat 5-6 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda guralan 30 kilogram agram derejesindäki bäsleşikde altyn medal gazanan Nazar Ataýewiň çempionlygynda öz beýanyny tapdy.
Türkmen taekwondoçylarynyň bu üstünligi hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat boldy.

