Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Yslam Saryjaýew Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen halkara çärä — Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) tarapyndan guralan UNODC-niň Ýaşlar forumyna gatnaşdy we foruma işjeň gatnaşandygy üçin degişli şahadatnama bilen sylaglanyldy.
9—11-nji mart aralygynda geçirilen forum Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň 69-njy mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Forum dünýäniň 21 döwletinden ýaş wekilleriň 26-syny bir ýere jemledi. Tas on bäş ýyl bäri yzygiderli geçirilip gelinýän bu halkara çäre ýaşlaryň ylmy taýdan esaslandyrylan öňüni alyş çäreleri baradaky bilimlerini artdyrmaga, olaryň özara tejribe hem-de pikir alyşmagyna giň mümkinçilik döretdi.
Forumyň çäginde üç günüň dowamynda dürli interaktiw sessiýalar geçirildi. Oňa gatnaşyjy ýaşlar neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak boýunça ylmy esasly öňüni alyş çäreleri barada giňişleýin maglumat aldylar, ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky çykyşlara gatnaşdylar hem-de öz ýurtlarynyň tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle hem forumyň netijesinde gatnaşyjy ýaşlar tarapyndan bilelikdäki Ýaşlar ýüzlenmesi taýýarlanylyp, ol Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň plenar mejlisine hödürlenildi.
Ýüzlenmede serişdeleriň ulanylmagynyň diňe bir saglyk meselesi bolman, eýsem, maşgalalaryň durnuklylygyna howp salýandygy we ýaşlaryň geljek mümkinçiliklerine ýaramaz täsir ýetirýändigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem ýaşlyk döwrüniň beýniniň ösüşi üçin iň möhüm döwürleriň biri bolup durýandygy, şol döwürde serişdeler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyň uzak möhletleýin ýaramaz netijelere getirip biljekdigi nygtaldy.
Forumyň guramaçylary ýaşlaryň işjeňligine we hyzmatdaşlyk ruhuna ýokary baha berip, ýaşlaryň pikirleriniň netijeli öňüni alyş strategiýalaryny döretmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellediler.