Türkmen talyplary Polşada geçen halkara matematika olimpiadasynyň 22 medalyny gazandylar

MilliInfo

12 sagat öň

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 6 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowisa şäherinde Silezk uniwersiteti tarapyndan guralan talyplaryň matematika boýunça toparlaýyn halkara olimpiadasynda (International Student Team Competition in Mathematics (ISTCiM) dürli medallaryň 22-sini gazandylar.

9 altyn, 8 kümüş, 2 bürünç, jemi 19 medal, ine, abraýly olimpiadanyň şahsy hasabynda Türkmenistanyň talyplarynyň ajaýyp netijesi şeýle boldy. Medallaryň ýene-de 3-sini – 2 kümüş we 1 bürünç medaly türkmen talyplary olimpiadanyň toparlaýyn bäsleşiginde eýelediler. Mundan başga-da, biziň talyplarymyz bäsleşigiň netijeleri boýunça höweslendiriji baýraklaryň 2-sini aldylar. 

5 altyn medal Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gazananlarynyň hataryny artdyrdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 3 altyn we 2 kümüş medala mynasyp boldular. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary orunlaryň üçüsine – altyn, kümüş we bürünç medallara eýe çykdylar. 

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary 3 kümüş medal aldylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň hersinde 1 kümüş medal bar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talybyna 1 bürünç medal degişli boldy. 

Matematika boýunça halkara olimpiada talyplara halkara derejesinde öz bilimlerini we ukyplaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik berdi. Bäsleşik Polşanyň, Beýik Britaniýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň zehinli matematikleriniň 150-den gowragyny bir ýere jemledi. 

Oňa gatnaşanlara dersiň matematiki seljerme (topologiýa we köplükleriň nazaryýeti bilen), funksional deňlemeler (differensional deňlemeler bilen), algebra we kombinatorika, geometriýa we çyzykly algebra, ähtimallyk nazaryýeti ýaly bölümleri boýunça çylşyrymly ýumuşlar hödürlenildi. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo