Türkmen talyplary salgyt ulgamy boýunça halkara bäsleşikde ikinji orny eýelediler

MilliInfo

Daşkentde GDA ýurtlarynyň 12 ýokary okuw mekdebiniň toparlaryny jemlän «TaxInTashkent 2025» atly salgyt ulgamy boýunça halkara bäsleşigi geçirildi. Intellektual ýaryşlarda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary ikinji orny eýelediler.

Özbegistanyň Salgyt komitetiniň we Russiýanyň Federal Salgyt gullugynyň goldawy bilen Daşkent döwlet ykdysadyýet uniwersiteti tarapyndan guralan bäsleşik kazyýet işine mümkin boldugyça ýakynlaşdyrylan görnüşde geçirildi. Gatnaşyjylar iki tarap — salgyt töleýji we salgyt edarasy üçin Ähtnamalary taýýarladylar, soňra bolsa dilden geçirilýän çekişmelerde öz tekliplerini goradylar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň toparyna ýokary okuw mekdebiň dördünji ýyl talyplary Jennet Berdiýewa, Arslan Şaimow we Hemra Baýrammuhammedow wekilçilik etdi. Olar maliýe kafedrasynyň müdiri Abdykerim Muhanowyň ýolbaşçylygynda çykyş edip, Russiýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Täjigistandan gelen bäsdeşlerinden üstün çykdylar.

Halypanyň aýtmagyna görä, toparyň netijesi talyplaryň taýýarlygynyň ýokary derejesini we olaryň halkara derejesindäki bäsdeşlige ukyplydygyny tassyklaýar. Bäsleşik halkara salgyt salmak, kazyýet esaslandyryşy we toparlaýyn işlemek ulgamynda amaly endikleri ösdürmäge gönükdirilendir.

Talyplaryň üstünligi türkmen biliminiň abraýyny berkitmäge möhüm goşant boldy we ýaş hünärmenleriň halkara hukugy hem maliýe ulgamynda ynamly işlemäge taýýarlygynyň tassyknamasy boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo