25 — 27-nji noýabr aralygynda Pakistan Respublikasynyň Karaçi şäheriniň «EKPSPO» merkezinde azyk we oba hojalyk önümleriniň «FoodAg 2025» atly 3-nji halkara sergisi geçiriler.
Bu sergä oba hojalygynda we azyk senagatynda işleýän türkmen telekeçileri çagyrylýar.
Azyk we oba hojalyk önümleriniň «FoodAg 2025» halkara sergisi TDAP (Pakistanyň söwdanyň ösüşi boýunça müdirligi) tarapyndan guralýar. Ähmiýetli foruma 80-den gowrak ýurtdan bolan 500-den gowrak tarapyň öz önümleri bilen çykmagyna garaşylýar. Oňa halkara alyjylarynyň 850-den gowragynyň gatnaşjakdygy çaklanylýar.
Giň gerimli forum türkmen telekeçileridir senagatçylary üçin hem öz önümlerini halkara giňişliginde hödürlemekde möhüm mümkinçilik bolar.

