23–26-njy sentýabr aralygynda Kuala-Lumpurdaky «MITEC» halkara söwda we sergi merkezinde 22-nji gezek guralýan «Malaysia International Halal Showcase» (MIHAS 2026) halkara sergisi geçiriler. Bu sergi halal ykdysadyýeti pudagynda dünýäniň iň uly «B2B» (işewürlikden işewürlige) meýdançasy bolup durýar. Sergini Malaýziýanyň Maýa goýumlary, söwda we senagat ministrliginiň goldawy bilen Malaýziýanyň Daşary söwdany ösdürmek korporasiýasy (MATRADE) guraýar.
2004-nji ýylda esaslandyrylanyndan bäri «MIHAS» halal önümlerini ilerletmek we işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin öňdebaryjy halkara platformasy hökmünde özüni tanatdy. Sergi täze hyzmatdaşlary tapmak we dünýä bazarlaryna çykmak üçin bütin dünýäden öndürijileri, eksportçylary, importçylary, maýadarlary, döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn guramalaryň wekillerini birleşdirýär.
Kimler gatnaşyp biler?
halal önümlerini öndürijiler we eksportçylar;
kiçi, orta we iri telekeçiligiň wekilleri;
importçylar we halkara alyjylar;
distribýutorlar we söwda ulgamlary;
maýadarlar;
döwlet guramalarynyň we pudaklaýyn assosiasiýalaryň wekilleri;
halkara söwda we halal senagaty pudagynda işleýän hünärmenler.
Sergi dürli ugurlary öz içine alar, şol sanda:
azyk önümleri we içgiler;
farmasewtika we lukmançylyk;
kosmetika we şahsy gigiýena serişdeleri;
elektron söwda;
myhmanhana biznesi we syýahatçylyk;
bilim;
azyk tehnologiýalary we gaplaýyş;
hyzmatlar, media, françaýzing, yslam sungaty we beýleki ugurlar.
«MIHAS 2026-nyň» çäklerinde halkara işewürlik duşuşyklary geçiriler. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, şu ýyl bu ýerde 2 300-den gowrak sergi diwarlygyna, dünýäniň dürli künjeklerinden 45 müňe golaý hünärmen-mynhmana we 300-den gowrak halkara alyja garaşylýar.
Goşmaça maglumaty nireden alyp bolar?
Hasaba alynyş, gatnaşmagyň şertleri, serginiň maksatnamasy hem-de myhmanlar üçin mümkinçilikler baradaky giňişleýin maglumat «MIHAS-yň» resmi saýtynda ýerleşdirilendir.
Şol ýerde gatnaşyjylary we myhmanlary hasaba almak, sergi pawilýonlary, işewürlik maksatnamasy barada maglumatlar, guramaçylaryň habarlaşmak üçin maglumatlary we çäräniň iň täze habarlary elýeterlidir.
