Türkmen terbiýeçileriniň taýýarlan gurjaklary ÝUNESKO-nyň halkara bäsleşiginiň diplomyna eýe boldy

MilliInfo

9 Noýabr, 2025

ÝUNESKO-nyň howandarlygyndaky Mekdebe çenli terbiýe boýunça bütindünýä guramasynyň («Organisation Mondiale pour L'Education Pre-Scolaire») Russiýa Federasiýasy boýunça komiteti tarapyndan guralan «Uly dünýäniň körpeje ilçisi» atly festiwalyň çäklerinde «Pedagoglaryň ussatlygy: gurjaklar medeni mirasyň goragçysydyr» diýen at bilen ýaýbaňlandyrylan bäsleşige özboluşly işleriň ençemesi hödürlendi. Bäsleşige türkmen terbiýeçileriniň işleri hem hödürlendi. Şunlukda, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 13-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri öz ýasan türkmen milli gurjaklary bilen gatnaşdylar we bäsleşigiň 1-nji derejeli diplomyna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, çagalar bakja-bagynyň pedagoglary milli lybaslar bilen bezelen birnäçe gurjaklary taýýarlanyldy. Milli lybasly gurjaklar çagalarda halkymyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklaryna söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir.

Bäsleşigiň 1-nji derejeli diplomy bilen sylaglanmagy türkmen terbiýeçileriniň ukyp-başarnyklaryna hem-de mümkinçiliklerine berlen ýokary baha boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info