Gatnaşan halkara, yklym we dünýä ýaryşlarynyň ählisinden medally dolanmagy durmuş ýörelgesine öwren Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň türgeni Şöhrat Orazgeldiýew uniwersal söweş sungaty boýunça dünýä çempiony boldy. Ol golaýda Özbegistanyň Ürgenç şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda 60 kilogram agram derejesinde bäsleşdi we garşydaşlarynyň ählisinden tapawutlanmagyň hötdesinden geldi. Şöhrat bu ýaryşda 75 kilograma çenli açyk agram derejesindäki tutluşyklar hem çykdy. Zehinli türkmen ýigidi bu derejede bürünç medal gazandy.
Şöhradyň şu ýylyň iýulynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatynda eýe bolan üstünligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 65 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz uniwersal söweşiň nusgawy görnüşinden altyn, «laýt» ugrundan bolsa kümüş medala mynasyp boldy. Şondan soň bolsa ol Özbegistanyň Andijan şäherinde guralan sportuň başa-baş söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi (MMA) boýunça dünýä çempionatyna gatnaşdy. Bu gezek MMA-nyň «laýt» görnüşinden-de, «elit» ugrundan hem Şöhrada taý gelen bolmady. Iki ugurdan dünýä çempiony bolan zehinli türgen iki gezek ýaşyl Tugumyzy belentde parlatmagyň, Döwlet senamyzyň astynda Watanymyza şan getirmegiň hötdesinden geldi.
Elbetde, şu üstünlikleriň göz öňünde tutulmagy hem-de gullugyndaky halal zähmeti bilen baglylykda, polisiýanyň podpolkownigi ýörite adynyň dakylmagy bolsa ýeňişleri ýar edinen watandaşymyzyň sport ýoluna-da, zähmetindäki ynamly ädimlerine hem özboluşly öwüşgin çaýdy.
Dört gezek dünýäniň çempiony, üç sapar Dünýä Kubogynyň eýesi, ýene bir gezek bolsa Aziýanyň çempiony bolan zehinli türgen häzirki wagtda şu ýylyň dekabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek dünýäniň ýyldyzlarynyň Kubogyna taýýarlyk görýär.

