Türkmen türgenleri 2025-nji ýylda halkara derejeli medallaryň 977-sine eýe boldular

MilliInfo

6 Ýanwar, 2026

Türkmen türgenleri sanlyja gün mundan ozal taryha giren 2025-nji ýylda halkara derejeli ýaryşlaryň 977 medalyny gazanmagyň hötdesinden geldiler. Bu barada «Türkmenistan Habarlar Portaly» habar berdi.

Şeýle görkeziji 2024-nji ýylyň jemi bilen deňeşdirilende, 225 medal artykdyr. Bu üstünlik has uly ýeňişlere uzaýan ýoluň badalgasydyr.

Türgenlerimiziň gatnaşýan halkara ýaryşlarynyň hem artýandygyny bellemek gerek. 2024-nji ýylda 190 ýaryşa gatnaşan ildeşlerimiz 2025-nji ýylda abraýly ýaryşlaryň 226-synda çykyş etdiler. Şunlukda, biziň ussatlarymyz ýurdumyza 304 altyn medal getirmegi başardylar. Türkmen türgenleri Watanymyzyň baýrak gaznasyny 287 kümüş hem-de 386 bürünç medallar bilen baýlaşdyrdylar.

Munuň özi döwletimiz tarapyndan sporty ösdürmegiň ýolunda amala aşyrylýan beýik işleriň miwesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info