Türkmen türgenleriniň Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynda gazanan medallarynyň sany 11-e ýetdi

MilliInfo
Türkmen türgenleriniň Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlarynda gazanan medallarynyň sany 11-e ýetdi

Geçen agşam gelip gowşan habarda türkmen toparynyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-Ata şäherinde geçirilýän Çarwadarlaryň VI Bütindünýä oýunlaryndaky medallaryny 11-e ýetirendigi buşlanylýar. Şolaryň ikisi altyn, üçüsi kümüş, galan altysy bolsa bürünç medallardyr.

Altyn medallara Annagurban Allaberdiýew (milli göreş, +100 kg agram derejesinde) hem-de Nurmuhammet Baýdogdyýew (alyş göreşiniň erkin usuly, +100 kg) eýe çykdy.

Mekan Nurberdiýew (alyş göreşiniň nusgawy usuly, 80 kg), Abdyresul Durdyýew (alyş göreşiniň erkin usuly, 60 kg) hem-de Silapberdi Nuryýew (alyş göreşiniň erkin usuly, 80 kg) hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldiler.

Mundan başga-da, kümüş medallaryň altysy gazanyldy. Şolaryň hatarynda Ylham Kemalow (kuraş, +100 kg), Pälwan Gurbangeldiýew (ssirym, +100 kg), Atageldi Tejendurdyýew (gyrgyz göreşi, 84 kg), Serdar Babamyradow (gazak göreşi, 60 kg), Begli Hojammaýew (guştini milli kamarbandi, +100 kg) hem-de Zyýamuhammet Saparow (guleş, +100 kg) ýaly ussatlarymyz bar.

Ýeri gelende bellesek, 40-dan gowrak görnüş boýunça ýaryşlary özünde jemleýän sport baýramçylyga dünýäniň 109 döwletinden 3000-den gowrak türgen gatnaşýar. Etnosporty wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan oýunlara gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 14 türgen we 7 tälimçi wekilçilik edýär.

Ýaryş 6-njy sentýabrda tamamlanýar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info