Türkmen wekiliýeti Astanada geçen halkara okuw maslahatyna gatnaşdy

MilliInfo

Ýewropa Bileleşigiň «Erasmus+» maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» (ESGCA) atly taslamasy boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasynyň çakylygy boýunça dört günlük iş saparyny amala aşyrdy. Bu sapar Merkezi Aziýada ekologiýa, jemgyýetçilik we dolandyryş (ESG) ýörelgeleri boýunça bilim ulgamyny berkitmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň çäginde guraldy.                

Bu taslama ESG boýunça magistratura maksatnamalaryny we ýöriteleşdirilen okuw sapaklaryny döretmek arkaly ekologik bilimi döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.

Astanadaky seminar 9–12 sentýabrda geçirilip, 2-nji iş toplumynyň «Ösüş» böleginiň esasy çäresi boldy. Ol aşakdaky dört ugra gönükdirildi:

  • Merkezi Aziýanyň uniwersitetlerinde Ylmy-barlag we innowasiýa merkezlerini döretmek;

  • Ýerli mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak üçin Ýewropa Bileleşigiň ýokary okuw jaýlarynyň okuw maksatnamalaryny geçirmek;

  • ESG standartlaryna laýyk okuw meýilnamalaryny we materiallaryny işläp taýýarlamak;

  • Okuw maslahatynyň we «Tegelek stoluň» netijelerini sebit hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmakda ulanmak.   

Astanadaky okuw maslahaty Merkezi Aziýa şertlerinde ESG çemeleşmeleriň ulanylyşyna üns berip, ýokary bilim ulgamyndaky ekologik kynçylyklar we hasabat tejribelerine bagyşlandy. Esasy mowzuklar aşakdakylardan ybarat boldy:

  • Ýewropa Bileleşigi we Merkezi Aziýada ESG we «ýaşyl» ykdysadyýete geçiş;

  • Durnukly ösüş boýunça ekologik ölçegler, audit we hasabatlylyk;

  • Howany goramak üçin häzirki zaman tehnologiki çözgütler;

  • Bilim we önümçilikde durnukly amaly çemeleşmeler;

  • Ekologik meseleleri çözmek üçin ESG boýunça mini-strategiýalary işläp taýýarlamak.

Okuw maslahaty 32 resmi wekilýet agzasyny, şeýle-de döwlet edaralaryndan, ylmy jemgyýetçilikden we işewür düzümlerden bolan takmynan 100 çakylykly gatnaşyjyny kabul etdi. Çäräniň jemlenişinde geçirilen «Tegelek stol» duşuşygynda uniwersitetleriň, kärhanalaryň we döwlet edaralarynyň wekilleri ESG ýörelgeleriniň ýokary bilime we amaly işe ornaşdyrylyşy boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň wekilýeti okuw maslahatyndaky we «Tegelek stol» duşuşyklaryndaky pikir alyşmalara işjeň gatnaşdy. Olaryň goşandy ESG ýörelgeleriniň Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň okuw maksatnamalaryna ornaşdyrylmagynyň hem-de ekologiýa dolandyryşy boýunça Ýewropa hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ähmiýetini görkezdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info