Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçýän VII Bütindünýä medeniýetara dialoga gatnaşýar

MilliInfo

1 sagat öň

Türkmen wekiliýeti Bakuwda geçýän VII Bütindünýä medeniýetara dialoga gatnaşýar

Şu gün — 27-nji oktýabrda Baku şäherinde VII Bütindünýä medeniýetara dialog forumy geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň wekillerinden ybarat türkmen wekiliýeti gatnaşýar.

Forumyň maksatnamasynda «Gülistan» köşgündäki açylyş dabarasynyň, şeýle hem halkara guramalaryň üçünji ýokary derejeli duşuşygynyň we Baku prosesiniň çäklerindäki altynjy ministrler duşuşygynyň bilelikdäki ýörite mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy üns merkezinde medeniýetara dialog, medeni diplomatiýa we parahatçylygy pugtalandyrmak meseleleri durýar. Aýratyn mejlisler sanlylaşdyrma we emeli aň şertlerinde medeniýetara başarnyklary ösdürmäge, umumy geljegi kemala getirmekde medeniýetiň we syýahatçylygyň ornuna, şeýle hem medeniýetara liderlige bagyşlanýar. Şunuň bilen bir hatarda, Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasynda we ADA uniwersitetinde akademiki forum geçirilýär.

Türkmenistanyň bilim we medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň foruma gatnaşmagy bu ýerde sebitiň döwletleriniň hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga hem-de bilim, medeniýet we medeniýetara özara düşünişmek ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info