Türkmen wekiliýeti Kolomboda ABU-nyň 63-nji Baş Assambleýasyna we medeni çärelere gatnaşdy

MilliInfo

7 Noýabr, 2026

Türkmen wekiliýeti Kolomboda ABU-nyň 63-nji Baş Assambleýasyna we medeni çärelere gatnaşdy

30-njy oktýabr — 2-nji noýabr aralygynda Şri-Lanka Respublikasynyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş Assambleýasyna, onuň çäklerinde birnäçe duşuşyklara, mejlislere, medeni çärelere ýurdumyzyň wekiliýeti işjeň gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde (07.11.2026ý) habar berildi.

Dünýäniň 66 ýurdundan 225 sany media guramasynyň 350-den gowrak wekilini bir meýdançada jemlän çäreler halkara media giňişliginde taryhy waka boldy. Baş Assambleýanyň resmi açylyş dabarasynda we esasy mejlisinde Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň alyp barýan işleri, guramanyň geljekki ösüş ugurlary, sebitde teleradioýaýlym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy, şeýle hem halkara media hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, dünýäniň dürli ýurtlarynyň teleradioýaýlym guramalarynyň arasynda tejribe alyşmak, maglumat we döredijilik hyzmatdaşlygyny ösdürmek, täze media mümkinçiliklerinden peýdalanmak hem-de halkara derejede bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Guramanyň degişli komitetleriniň başlyklaryny saýlamak boýunça ses berlişik geçirildi. ABU-nyň geljekki iş meýilnamalary, agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we teleradioýaýlym ulgamynyň ösüşine gönükdirilen çözgütler kabul edildi. Wekiliýetleriň ikitaraplaýyn duşuşyklarynda özara gatnaşyklary ösdürmek, media ulgamynda tejribeleri paýlaşmak we geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

2-nji noýabrda sebitleýin media dialogy bilen ugurdaşlykda Kolombonyň «Stein Studios» merkezinde «ABU TV Song Festival 2026» halkara aýdym-saz festiwaly hem geçirildi. Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň halkara medeni taslamalarynyň biri bolan bu festiwal dürli ýurtlaryň aýdym-saz sungatyny, milli medeniýetini we döredijilik mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmaga gönükdirilendir. Indi 15-nji gezek guralan aýdym-saz gözden geçirilişinde ýurdumyza Türkmenistanyň at gazanan artisti Annaberdi Orazmämmedow wekilçilik etdi. Türkmen aýdymçysy halkara sahnada «Arkadagly Serdarym» atly aýdymyny joşgunly ýerine ýetirip, daşary ýurtly sungat muşdaklaryny milli estradanyň häzirki zaman öwüşginleri bilen tanyşdyrdy. Zehinli türkmen aýdymçysyna festiwalyň resmi nyşany ýerleşdirilen baýrak we degişli diplom gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info