Golaýda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäheriniň Sibir federal uniwersitetinde Maliýe howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa dünýäniň 40 döwletinden 600-den gowrak mekdep okuwçylary we talyplar gatnaşdylar. Olimpiada gatnaşan ildeşlerimiz uly üstünlik gazanyp, kuboga hem-de 5 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ýokary derejede geçirilen olimpiadanyň maksady maliýe howpsuzlygy ugrundan ýokary derejeli bilimleri we başarnyklary bolan zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan hem-de olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maliýe howpsuzlygy boýunça zerur çözgütleri kabul edip, oňyn netijeleri gazanmakda, ýaşlaryň pikirleniş ukyplaryny ösdürmekde şeýle halkara çäreleriň ähmiýeti uludyr.
Maliýe howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda ykdysadyýet ugry boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby Daniýar Emirkulyýew 1-nji orna we kuboga, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Jennet Berdiýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Orazmyrat Sähetmyradow, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Şükür Esedow dagy 2-nji orna mynasyp boldular. Olimpiadanyň maglumat howpsuzlygy ugry boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Amanmyrat Annamuhammedow hem-de halkara gatnaşyklar ugry boýunça şol uniwersitetiň talyby Dawut Abdykadyrow 2-nji orny eýelemegi başardylar.
Olimpiadanyň çäklerinde giň gerimli duşuşyklara, sorag-jogap arkaly pikir alyşmalara, ussatlyk sapaklaryna, toparlaýyn gezelençlere, sport ýaryşlaryna uly orun berildi. Talyplarymyz «Olimpiada — reňklerde» atly her döwletiň milli gymmatlyklaryna bagyşlanan sergide hem çykyş etdiler. Bu çäreleriň ählisi ýaşlaryň özara tejribe alyşmaklarynda netijeli häsiýete eýe boldy.

