Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysadyýet fakultetiniň ykdysadyýet we hukuk hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sanjar Hazratkulow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşige internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana hem-de kuboga mynasyp boldy.
Gazagystan Respublikasynyň «Bilim Orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan bu halkara bäsleşigiň eminler topary Sanjar Hazratkulowyň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna öran ýokary baha berdiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan talyplaryň ähli üstünlikleriniň «GDA-nyň iň gowy talyby» diýen halkara kitap ýygyndysyna giriziljekdigini bellemek gerek.
Bu halkara bäsleşikde gazanan ýeňşi Sanjar Hazratkulowy GDA-nyň iň gowy talyplarynyň hataryna goşdy.
Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň dünýägaraýşy, ýokary bilim derejesi, döredijilik ukybyna we halkara ölçeglere laýyk taýýarlygy bilen tapawutlanýandygyny tassyklady.