Ylmy hyzmatdaşlygyň miwesi: Türkmenistanyň Himiýa institutynyň direktoryna Russiýanyň ylmy sylagy gowşuryldy

MilliInfo

3 Iyul, 2026

Ylmy hyzmatdaşlygyň miwesi: Türkmenistanyň Himiýa institutynyň direktoryna Russiýanyň ylmy sylagy gowşuryldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň (TYA) Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýewe «Russiýada himiýa ylmynyň 275 ýyllygy» atly ýadygärlik medaly we döşe dakylýan nyşany gowşuryldy.

Alym bu hormatly baýraga Russiýanyň Çernogolowka şäherinde geçirilen «Häzirki zaman himiki fizikasy fizikanyň, himiýanyň we biologiýanyň birleşýän ýerinde» atly halkara ylmy maslahatyň çäklerinde eýe boldy.

Bu sylag Hallymyrat Ataýewiň ikitaraplaýyn ylmy-barlag gatnaşyklaryny ösdürmäge, ylalaşykly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky başlangyçlary täze derejä çykarmaga uly goşandy üçin berildi. Bilermenler jemgyýeti alymyň köp komponentli ulgamlaryň fiziki-himiki aýratynlyklary, şeýle hem ekstremal temperatura we basyş şertlerinde suwly duz erginleriniň faza ýagdaýlaryny öwrenmek boýunça geçiren ylmy-barlag işlerine ýokary baha berdi.

Bu waka Türkmenistanyň halkara ylmy-barlag giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunlukda, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa instituty hem-de Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli ylmy edaralary ýaly dünýäniň öňdebaryjy merkezleri bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi türkmen hünärmenleriniň tejribe alyşmaklaryna we innowasion usullary önümçilige ornaşdyrmaklaryna giň mümkinçilikleri açýar.

Bu baýrak milli ylmy mekdebimiziň dünýä derejesindäki ýokary abraýynyň we tejribesiniň ykrar edilmesidir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info