Türkmen ýygyndysy Bişkekde geçirilýän sambo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýar

MilliInfo

Az wagtdan Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde sambo boýunça dünýä çempionaty başlanýar. 7 — 9-nji noýabr aralygynda guraljak çempionatda dünýäniň iň güýçli samboçylary medallar toplumynyň 31-si ugrunda bäsleşerler. Ýaryşlar sport we söweş sambosy boýunça, şeýle hem görüş mümkinçiligi çäkli samboçylaryň arasynda ýaýbaňlandyrylar.

Ýaryşa gatnaşýan türkmen toparyna 19 türgen wekilçilik edýär.

Ýeri gelende bellesek, çempionatyň baýrak gaznasy 341 müň amerikan dollaryna barabar bolar. Şeýlelikde, altyn medal gazananlara 4 müň, ikinji orny eýelänlere 3 müň, öňdäki üçlügi jemlänlere bolsa 2 müň ABŞ-nyň dollary gowşurylar.

Tutluşyklar «Sambo.Live» kanalynda göni efirde görkeziler.

Biz türkmen türgenlerine uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo