Woleýbol: Türkmen ýygyndysy «CAVA CUP-2025» ýaryşyna möhüm ýeňişler bilen başlady

MilliInfo

25 Oktýabr, 2025

22—28-nji oktýabr aralygynda Bangladeşiň Daka şäherinde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň Woleýbol Assosiasiýasynyň Kubogy geçirilýär.

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy bu ýaryşa ajaýyp netijeler bilen başlady. Birinji duşuşygynda Nepalyň ýygyndysyny 3:0 hasabynda ýeňlişe sezewar eden ýygyndy toparymyz ikinji tapgyrda Şri-Lankanyň garşysyna çykdy. Ildeşlerimiz bu ýygyndyny hem 3:1 hasabynda ahmyrda goýmagyň hötdesinden geldiler.

Düýn — 24-nji oktýabrda bolsa woleýbol boýunça türkmen ýygyndysy Owganystanyň ýygyndy topary bilen duşuşdy. Bu oýunda hem ýeňiş türkmen woleýbolçylarynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Türkmen ýygyndysy garşydaşyny 3:1 hasabynda ýeňdi.

Biz ildeşlerimize abraýly ýaryşyň nobatdaky tapgyrlarynda hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo