6–8-nji noýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagty dünýä sambosynyň paýtagtyna öwrüldi. 101 döwletiň wekilleriniň gatnaşmagynda Daşkentde geçen sambo boýunça ýubileý — 50-nji dünýä çempionatynda türkmen türgenleri diýseň şowly çykyş etdiler. MMA-nyň ýyldyzy Islam Mahaçewiň we sambonyň dünýädäki ilçisi Fýodor Ýemelýanenkonyň gatnaşmagynda açylan ýaryşyň baýrak gaznasy 363 müň dollar bolup, altyn medal üçin 4 müň dollar gowşuryldy.
Şeýlelikde, Sanjarbek Awazberdiýew 64 kilogram agram derejesinde sport sambosy boýunça, Möminjan Arzykulow 71 kilogramda söweş sambosyndan altyn medallara eýe çykdylar. Ahmet Taňryberdiýew 58 kilogramda söweş sambosyndan bürünç medal eýelese, Gurbanaý Gurbanowa şol görnüşden 50 kilogramda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.
Ildeşlerimiz nonatdaky dünýä çempionatynyň 4 medalyna eýe boldular. Biz türkmen samboçylaryny bu üstünlik bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
