Türkmen zergäri Göwher Nuryýewa III Halkara altyn bilen keşdemek we zergärçilik festiwalyna gatnaşdy

MilliInfo

10 sagat öň

Ildeşimiz Göwher Nuryýewa 15-17-nji maý aralygynda Buharada geçirilen III Halkara altyn bilen keşdemek we zergärçilik festiwalyna gatnaşdy.

Buhara welaýat häkimliginiň, Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Syýahatçylyk komitetiniň hem-de Medeniýet ministrliginiň goldawy esasynda, Özbegistan Respublikasynyň «Hunarmand» (Senetçiler) birleşmesi tarapyndan geçirilen ajaýyp festiwal zehinli senetçileriň ýüzlerçesini bir ýere jemledi. Täsirli medeni maksatnamasy bilen tapawutlanan çärede türkmen zenanynyň — Göwher Nuryýewanyň zergär hökmünde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berildi.

Ildeşimiz ajaýyp çärä işjeň gatanaşandygy üçin III Halkara altyn bilen keşdemek we zergärçilik festiwalynyň guramaçylary tarapyndan taýýarlanan şahadatnama we ýörite nyşan bilen sylaglandy. Resminamany Özbegistanyň «Hunarmand» birleşmesiniň başlygy R.T.Mirzaahmedow gowşurdy.   

Buharada geçen festiwal türkmen zergäri Göwher Nuryýewa üçin dünýäniň birnäçe ýurdundan bolan tejribeli hünärmenler bilen tejribe alyşmakda diýseň ähmiýetli boldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info