Türkmenbaşy Halkara howa menzili BMG-niň forumy üçin gelýän sargyt gatnawlaryny kabul edýär.

MilliInfo

3 Awgust, 2025

4—8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, 30-nji iýuldan foruma  gatnaşjak wekiliýet agzalary we myhmanlar Türkmenbaşy Halkara howa menziline sargyt gatnawlary esasynda gelip başladylar. Bu barada «Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda habar berilýär.

Şunlukda, ilkinji gatnawy Özbegistan öz howa gämisi arkaly amala aşyrdy. Şeýle hem, maslahata gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň wekiliýeti geldi. Maslahat döwründe Türkmenbaşy Halkara howa menziline 30 sargyt gatnawynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar. Sargyt gatnawlaryndan başga-da, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň yzygiderli gatnawlary arkaly foruma iki müňden gowrak myhmanyň gelmegi meýilleşdirilýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo