Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň wekilleri Malaýziýada geçen sebitiň deňiz kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşdylar

MilliInfo

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň wekilleri Kuala-Lumpurda sebitde deňiz kuwwatyny ýokarlandyrmak maksatnamasyna gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Bu çäre hyzmatdaşlygy berkitmek we ylmy tejribe alyşmak maksady bilen ýurduň Ulag ministrliginiň goldawy bilen şu ýylyň 21—25-nji iýuly aralygynda Malaýziýanyň Klang portunyň hünärmenleri tarapyndan guraldy.

Maksatnama Merkezi we Günorta Aziýanyň 15 ýurdundan 29 wekili, şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşigine (ACEAN) agza döwletleri bir ýere jemledi. Malaýziýaly hünärmenler maksatnama gatnaşýanlar üçin port işleriniň esasy ugurlary boýunça maslahatlary geçirdiler.

Maksatnama gatnaşanlar portlaryň işini meýilnamalaşdyrmagyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar, ýükleme-düşürme amallaryny dolandyrmagy, şol sanda logistika guramaçylygyny öwrendiler. «Klang» porty dünýädäki iň uly konteýner portlarynyň biridir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info