Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi sazly we gyzykly wakalara baý bolan täze dramanyň surata düşürlişine gatnaşmak üçin döredijilikli hem-de zehinli ýaşlary kastinge çagyrýar. Filmiň goýujy režissýory Ýusup Baýramowdyr.
Diňlenişik 5-nji sentýabrda sagat 12:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu kasting ýaş akýorlara öz ukyplaryny görkezmäge we kinematografiýa äleminde ilkinji ädimlerini ätmäge mümkinçilik döreder.
Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: +993 61-48-81-13 we 60-15-67.
